Täjigistanda garyndaş nikasy gadagan edildi

Wekiller Palatasy tarapyndan ýanwar aýynda “Nika bellikleri” we “Maşgala” kodekslerine girizilen üýtgetmeler şu gün güýje girdi

522360
Täjigistanda garyndaş nikasy gadagan edildi

Şuňa laýyklykda iki doganyň çagalary, dogan aganyň çagalary we çykanylar bilen ýakyn garyşdaşlaryň arasyna nikalaşmak gadagan edildi.

Kanuny üýtgetmä laýyklykda çykanylaryň nikalaşmagy bilen birlikde daýzalaryň we dogan agalaryň ýegenleri bilen nikalaşmagy gadagan edildi. Kanuna görä nikalaşjak ýaşlar ilki saglyk barlagyndan geçerler.

Kanuny üýtgetme bilen çagalara gelşiksiz atlaryň dakylmagy hem gadagan edildi.

Şuňa laýyklykda täjik ene-atalar çagalaryna: Daş, Keramika, Serçe ýaly atlary goýup bilmezler.

Saglyk we sosial üpjünçilik ministri Nusrat Salimzad kanuny üýtgetme boýunça Mejlisde sözlän sözünde ýurtda geçen ýyl 25 müňden gowrak şikesli çaganyň bellige alynandygyny nygtap, şolaryň üçden bir böleginiň garyndaşlar arasynda nikalaşanlaryň çagalarydygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar