Ykdysadyýet ministri  Zeýbekji DKTR-da saparda boldy

Zeýbekji Türkiýäniň DKTR-na uly ähmiýet berýändigini belledi

508724
Ykdysadyýet ministri  Zeýbekji DKTR-da saparda boldy

 

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji saparynyň çäginde ilki Prezident Mustafa Akynjy tarapyndan kabul edildi.

Jemhuriýet Mejlisiniň başlygy Sibel Siber bilen hem duşuşan ministr Zeýbekji DKTR-nyň Premýer ministri Hüseýin Özgüren tarapyndan kabul edildi.

Ykdysadyýet we energetika ministri Sunat Atun bilen hem duşuşan Nihat Zeýbekji DKTR-nyň 40-njy Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Zeýbekji dabarada eden çykyşynda Türkiýäniň DKTR-na uly ähmiýet berýändigini belledi.

Ministr Zeýbekji “Biz DKTR-da önümçiligiň we maýa goýumlaryň ýokarlajakdygyna we dünýäde öz mynasyp ornuny eýelejekdigine ynanýarys” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar