ÝB-niň Orta Aziýa boýunça ýörite wekili Burian Özbegistanda saparda boldy

Peter Burian geçen hepde hem Täjigistanda saparda boldypdy

481290
ÝB-niň Orta Aziýa boýunça ýörite wekili Burian Özbegistanda saparda boldy

ÝB-niň Orta Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burian Özbegistana guraýan resmi saparynyň çäginde Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.

Duşuşykda ÝB bilen Özbegistanyň arasyndaky iki taraply gatnaşyklar, ÝB-niň Orta Aziýa ýurtlary baradaky täze iş meýilnamasy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda şeýle hem Özbegistan bilen ÝB-niň arasynda dörediljek täze komitetler meselesi seljerildi.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Kamilow ÝB-niň Orta Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Buriany maý aýynda paýtagt Daşkentde geçiriljek halkara konferensiýa çagyrdy.

ÝB-niň Orta Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylyk etmegindäki resmi wekiliýet geçen hepde hem Täjigistanda saparda boldypdy we Täjigistanyň Premýer ministri Kahir Rasulzade bilen Daşary işler ministriniň 1-nji orunbasary Nizamiddin Zahidi bilen duşuşypdy.

 



Degişli Habarlar