32 ýurt Täjgistana ynsanperwer kömegini berdi

Täjigistan 2015-nji ýylda  hem 42 ýurtdan ynsanperwer kömegini alypdy

477817
32 ýurt Täjgistana ynsanperwer kömegini berdi

 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda iň ýoksul ýurtlardan biri bolan Täjigistana ynsanperwer kömegi berilýär.

Täjigistanyň hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, Täjigistan üstümizdäki ýylyň ilkinji 3 aýlyk döwründe 32 turtdan 114,4 million dollarlyk 6,2 million tonna ynsanperwer kömegini aldy.

Täjigistana ynsanperwer kömegini ugradan ýurtlaryň hatarynda Hytaý birinji orny eýeleýär.

Sanawda Hytaýdan soň nobaty bilen Russiýa, Pakistan, Hindistan, Daniýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Fransiýa, Taýland, Gollandiýa we ABŞ gelýär.

Täjigistan 2015-nji ýylda  hem 42 ýurtdan 45 million dollarlyk ynsanperwer kömegini alypdy.

 



Degişli Habarlar