Prezident Erdogan TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kasinowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi

Prezident Erdogan TÜRKSOÝ-yň durmuşa geçirýän işlerini takdyr edýändigini nygtady

456560
Prezident Erdogan TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kasinowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan Türki halklaryň medeniýetleriniň we sungatynyň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kasinow bilen Nowruz baýramyna bagyşlanyp Ankarada geçirlen çärelere gatnaşmak üçin Türkiýä gelen Azerbaýjanly, Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Türkmenistanly, Mangoliýaly, Bosniýa-Gersogowinaly, Makedoniýaly sungat ussatlaryny kabul etdi.

Prezident Erdogan kabul edilşikde 1993-nji ýylda döredilen TÜRKSOÝ-yň türki halklaryň medeniýetleriniň we sungatlarynyň goralmagy, halkara derejesinde ýakyndan tanyşdyrylmagy üçin durmuşa geçirýän işlerini takdyr edýändigini nygtady.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kasinowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nowruz baýramynyň simwolyna öwrülen bugdaý, ýumurta we ir-iýmişlerden doly gaby Prezident Erdogana sowgat etdi.

Kabul edilşige Wise-premýer Tugrul Türkeş bilen Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mahir Ünal hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar