Gazagystanda parlament saýlawlary geçirilýär

Gazagystanda parlament saýlawlaryna 9 milliondan gowrak saýlawçy gatnaşdy

454667
Gazagystanda parlament saýlawlary geçirilýär

Saýlawçylar ýurtdaky 9 müň 840 saýlaw merkezlerinde ses berdiler.

Saýlawlarda hökümediň başyndaky Nur Otan partiýasy bolmak bilen, Komunist partiýasy, Sosial demokrat partiýasy, Akjol, Birlik we Aul partiýalary ýagny 6 partiýa mejlise girmek üçin özara bäsleşýärler.

Deputatlar 107 adamlyk mejlise 5 ýyllygyna saýlanýarlar.

7 göterimi geçen partiýalar 98 oturgyç üçin bäsleşýän bolsalar, galan 9 deputat Gazagystanyň Halklar assambleýasy tarapyndan görkezilýän dalaşgärlerden saýlanýar.

Gazagystanyň merkezi saýlaw komissiýasynyň agzasy Bahyt Meldeşow geçiren metbugat ýygnagynda häzirki wagta çenli ses berme işlerinde düzgün bozmalaryň bolmandygyny, netijeler bilen baglanşykly maglumatlary agşam beýan etjekdiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar