Gazagystana we Türkmenistana gidýän konteýnerlere ýeňillik...

Kabul edilen karar bilen Azerbaýjanyň tranzit ýük gatnawyndan gazanýan girdejisiniň artdyrylmagy meýilleşdirilýär

398499
Gazagystana we Türkmenistana gidýän konteýnerlere ýeňillik...

Azerbaýjan Gazagystana we Türkmenistana gidýän konteýnerleriň tranzit geçiş tölegini 40 göterim, Hazar deňzinden geçýän ýük gämileriniň geçiş tölegini bolsa 20 göterim arzanlatdy.
Azerbaýjanyň Ykdysadyýet we senagat ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä, Prezident İlham Aliýewiň görkezmesine laýyklykda döredilen Tranzit gatnaw utgaşyklyk geňeşi Gazagystanyň Aktau we Türkmenistanyň Türkmenbaşy portlaryna gidýän tranzit konteýnerler üçin işleriň ýeňilleşdirilmegi we geçiş tölegleriniň arzanladylmagy barada karar kabul etdi.
Kabul edilen karar bilen Azerbaýjanyň tranzit ýük gatnawyndan gazanýan girdejisiniň artdyrylmagy meýilleşdirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar