Türkmenistanyň Prezidenti türk wekiliýetini kabul etdi

Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Topçuny hem-de TRT-nyň ýolbaşçysy Gökany kabul etdi

402310
Türkmenistanyň Prezidenti türk wekiliýetini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Ýalçyn Topçuny hem-de TRT türk tele-radiokompaniýasynyň ýolbaşçysy Şenol Gökany kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip we milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de Premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň salamyny, şeýle hem türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny etdirdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ýörelgelerine esaslanýan “açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkiýäniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Türkiýäniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de iki halkyň taryhy, medeni we ruhy umumylygynyň türkmen-türk dostlugynyň we doganlygynyň berk binýady bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan Türkiýe Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklary hem-de dürli derejelerdäki saparlaryň yzygiderli alşylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurtlarymyz özara gatnaşyklaryň tejribesine daýanyp, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de bu ugurda netijeli işleri alyp barýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Duşuşygyň barşynda ägirt uly kuwwatyň bardygyny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz we myhmanlar döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen we türk halklarynyň umumy medeni gymmatlyklaryny öwrenmek, aýawly saklamak hem-de artdyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiz we Türkiýäniň medeniýet ministri netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk ädimleri kesgitläp, iki ýurduň meşhur medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri, şol sanda Medeniýet günlerini, aýdym-saz we teatr festiwallaryny, bilelikdäki konsertleri, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň sergilerini we beýleki çäreleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar hoşlaşanlarynda, doganlyk gatnaşyklary, medeni we taryhy umumylyk, parahatçylyk, döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk bilen baglaşan türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju gatnaşdy. (TDH)


Etiketkalar:

Degişli Habarlar