TRT bilen Gyrgyz Radio-telewideniýe guramasy hyzmatdaşlyk edýär

Gyrgyzystanyň Radio-telewideniýe guramasynyň ýolbaşçylary Türkiýede saparda bolýar

300395
TRT bilen Gyrgyz Radio-telewideniýe guramasy hyzmatdaşlyk edýär

Türkiýäniň we Gyrgyz Respublikasynyň Radio-telewideniýe guramasy ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň Radio-telewideniýe guramasynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekişildi.
Gyrgyzystanyň Radio-telewideniýe guramasynyň ýolbaşçylary Türkiýede saparda bolýar.
Gyrgyz topary iş saparynyň çäginde Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň baş müdüri Şenol Göka tarapyndan kabul edildi.
İki ýurduň Radio-telewideniýe guramalarynyň arasynda baglaşylan teswirnama iki guramanyň arasynda edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny maksat edinýär.
TRT-niň baş müdüri Şenol Göka hem hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini aýtdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Radio-telewideniýe guramasynyň Baş müdüri İlim Karipbekow hem Türkiýäniň Türk dünýäsiniň öňbaşçysydyny belledi we TRT-niň berýän goldawlary sebäpli baş müdür Şenol Göka öz minnetdarlygyny bildirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar