Erogly harby türgenleşik kararyna garşylyk görkezdi

"Täze hökümetiň ynam sesini alan badyna harby türgenleşik geçirmek barada karar kabul etmegi dogry däl"

217640
Erogly harby türgenleşik kararyna garşylyk görkezdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezident Derwiş Erogly Gresiýadaky täze hökümetiň Ysraýyl, Müsür we Kipriň grek bölegi bilen birlikde harby türgenleşigiň geçirilmegi barada kabul eden kararyna garşylyk görkezdi.
Prezident Derwiş Erogly Gresiýanyň Goranmak ministri Panos Kammenosyň Kipriň grek bölegine guran saparynyň çäginde “Orta ýer deňzinde Gresiýa, Ysraýyl, Müsür we Kipriň grek bölegi bilen ýakynda harby türgenleşik geçireris” diýen beýanaty barada garaýyş beýan etdi.
Erogly Gresiýanyň Goranmak ministrini “Türkiýäniň duşmany” hökmünde bilýändigini we täze gurlan hökümetiň iş meýilnamasynda Ysraýyla garşy tutumyň alnyp baryljakdygy we Palestinany ykrar edip biljekdikleri hakynda käbir maddalaryň bardygyny belledi.
Gresiýadaky täze hökümetiň ynam sesini alan badyna Ysraýyl, Müsür we Kipriň grek bölegi bilen harby türgenleşik geçirmek barada karar kabul etmeginiň dogry bolmandygyna ünsi çeken Prezident Erogly, Kipriň grek böleginiň Nikos Anastasiadisiň hem zerur halatynda ulanylmagy üçin Russiýa ada bermegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar