Hytaýyň Uýgur Awtanomiýasynda dartgynlyk möwjeýär

Luntai şäherinde üç aýry ýerde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

134908
Hytaýyň Uýgur Awtanomiýasynda dartgynlyk möwjeýär

Hytaýyň Uýgur Awtanomiýasynda dartgynlyk möwjeýär.
Sebitiň günortasynda ýerleşýän Luntai şäherinde üç aýry ýerde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy.
Wakada köp sanly adam hem ýaralandy.
Ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.
Hytaýyň Uýgur Awtanomiýasynda geçen ýyl başdan geçirlen wakalarda 200-den gowrak adam ýogalypdy.
Hytaýyň hökümetiniň Uýgur türklerine goýlan dini we medeni gadagançylyk halkara adam hukuklary guramalarynyň garşylygyna sebäp bolýar.
Uýgur türkleri resmi Pekini özlerini assimiliassiýa etmäge we sebitiň tebigi çeşmelerini ele geçirmäge çalyşmak bilen günäkärleýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar