Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary köpelýär

Hindistanyň, Eýranyň we Pakistanyň geljek ýyl ŞHG-na agzalyga kabul edilmegi üçin mümkinçilik döredildi

123951
Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary köpelýär


Hindistanyň, Eýranyň we Pakistanyň geljek ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagynyň öňü açyldy.


ŞHG-nyň Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçirlen 14-nji maslahatyndan soň jemleýji jarnama çap edildi.


Jarnamada guramanyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Russiýanyň ýerine ýetirjekdigi we gurama agzalyga kabul ediljek ýurtlar baradaky düzgünnama üýtgetme girizilendigi nygtaldy.


Şeýlelikde synçy ýurt statusyndaky Hindistanyň, Eýranyň we Pakistanyň geljek ýyl ŞHG-na agzalyga kabul edilmegi üçin mümkinçilik döredildi.


Jarnamada Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy we krizisiň çözülmegi üçin giň gerimli gepleşikleriň dowam etmelidigi nygtaldy.


Jarnamada Siriýanyň territorial bitewiligine goldaw berilýändigi bellenildi.


Siriýada başdan geçirilýän adamzat krizisiniň içerki dialog arkaly çözülip bilinjekdigi ýatladyldy.


Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine agza 5 ýurt bilen Germaniýanyň arasynda geçirilýän gepleşiklere hem goldaw berildi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar