Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty Duşenbede geçirilýar

Maslahatda Hindistanyň, Eýranyň we Pakistanyň gurama agzalygy meselesiniň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar

123539
Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty Duşenbede geçirilýar


Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň baştutanlar geňeşiniň 14-nji maslahaty Täjigistanyň paýtagty Duşenbede öz işine başlady.


Newruz köşgünde geçirilýän maslahata Russiýa, Hytaý Halk Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy, Eýran, Owganystan we Hindistan gatnaşýar.


Maslahatda energetika pudagynyň başda durmagynda ykdysady we söwda gatnaşyklary bilen howpsuzlyk we terrorçylyga garşy göreş meselesi seljerilýär.


Maslahatda synçy ýurtlar Hindistanyň, Eýranyň we Pakistanyň gurama agzalygy meselesiniň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.


Hytaýda 2012-nji ýylda geçirlen maslahatda Türkiýe Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna” dialog hyzmatdaşy” hökmünde kabul edilipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar