Liderler gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada karar kabul etdi

Putin Ýokary Garabag meselesinde Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderlerini duşuşdyrdy

87114
Liderler gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada karar kabul etdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ýokary Garabag meselesinde Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderlerini duşuşdyrdy.
Duşuşykda liderler hökümet derejesindäki gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada karar kabul etdi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň berýän maglumatyna görä, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Ermenistanyň Prezidenti Serž Sarkisýan meseläniň parahatçylykly ýollardan çözülmegini isleýär.
Gepleşikleriň iki tarap üçin hen netijeli geçendigini we gepleşikleriň dowam etdirilmegi barada kararyň kabul edilendigini aýdan Lawrow “Emma esasy meseleler heniz çözülmedi” diýdi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew hem BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Ermenistanyň basyp alan ýerlerinden ýagny Azerbaýjanyň territoriasyndan çekilmegi barada 4 karar kabul edendigine ünsi çekdi we “gynanksada şol kararlar häzire çenli ýerine ýetirilmedi” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar