Atambaýew Türkiýe üçin doga etdi

“Alla Türkiýäni gorasyn. Alla Türkiýä jebislik we durnuklylyk bersin”

86669
 Atambaýew Türkiýe üçin doga etdi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Almazbek Atambaýew Prezident R. T. Erdoganyň balkon çykyşynda Türkiýe üçin doga etdi.
Çykyşynda Prezident Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen mähirli gutlan Atambaýew Türkiýäniň soňky 12 ýylda gazanan üstünlikleri barada durup geçdi.
Atambaýew Türkiýäniň 12 ýylda ykdysady taýdan durnukly syýasat alyp barandygyny we kredit alýan däl eýsem kredit berýän ýurt ýagdaýyna gelendigini aýtdy.
Türk halkynyň täze Prezidentiniň düşümli bolmagyny dilän Atambaýew, Türkiýäniň bu saýlawdan soň has-da ösjekdigini belledi.
“Alla Türkiýäni gorasyn. Alla Türkiýä jebislik we durnuklylyk bersin” diýen Atambaýew “Ýaşasyn Gyrgyz-Türk doganlygy” diýip belledi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar