Jemil Çiçek Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi

“Birlikde has güýçli bolarys, arkalaşykly ýagdaýda hereket etmelidiris”

93190
Jemil Çiçek Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi

TBMM-niň başlygy Jemil Çiçek Bakuwdaky saparyny dowam etdirýär.
TÜRKPA-nyň 5-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Jemil Çiçek Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi.
Kabul edilşikde Türkiýäniň döwürleýin ýolbaşçylygynda geçen bir ýylyň dowamynda TÜRKPA-nyň durmuşa geçiren işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jemil Çiçek kabul edilşikde Türki dilli ýurtlary bu geňeşe agzalyga çagyrdy we “Birlikde has güýçli bolarys, arkalaşykly ýagdaýda hereket etmelidiris” diýdi.
Prezident İlham Aliýew Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň Türk dünýäsi üçin görelde bolmalydygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar