Taryhda 10-njy noýabr

Taryhyň Şu Güni

1524720
Taryhda 10-njy noýabr

1938-nji  ýylyň 10-njy noýabry… Türk azat edijilik söweşiniň öňbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti M.K.Atatürk sagat 09:05-de Dolmabahçe köşkünde 57 ýaşynda dünýeden ötýär. Türkiýede milli ýas yglan edilýär. 16-njy noýabrda Beýik öňbaşçy M.K. Atatürkiň tabydy türk baýdagy bilen örtülen kafalkyň üstüne goýulýar we Dolmabahçe köşgündäki uly zala ornaşdyrylýar. Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy, beýik lider Atatürki soňky gezek görmek isleýän raýatlar Dolmabahçe köşgüne gelmäge başlaýar.

1953-nji ýylyň 10-njy noýabry… Aradan çykandan 15 ýyl soň Atatürkiň jesedi gurluşygy 9 ýyl dowam eden Anytkabyre getirilýär. Dabara Prezident Jelal Baýar bilen onlarça müň türk raýaty gatnaşýar.



Degişli Habarlar