Taryhda 4-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

1521547
Taryhda 4-nji noýabr

 

1909-njy ýylyň 4-nji noýabry… Stambul-Bagdat demir ýoly taslamasynyň çäginde 9 ýylda gurlup gutarylan Haýdarpaşa wokzaly dabara bilen açylýar. Nemes binagäri Otto Ritter we Helmut Kuny tarapyndan meýilleşdirilen wokzal “Aziýanyň Gapysy” atlandyrylýardy.

1922-nji ýylyň 4-nji noýabry… Iňlis arheology Goward Kerter we topary Firawun Tutankamonyň guburyny tapýar. B.e.ozal 1323-nji ýylda ölen ýaş firawunyň guburynyň talanmanka tapylmagy arheologiýa taryhynda çygyr açýar.

1979-njy ýylyň 4-nji noýabry… Eýran ynkylabyndan soň Humeýniniň tarapynda durýan ýaşlar ABŞ-nyň Tähranda ýerleşýän ilçihanasyny ele geçirýär we 52 adamy zamun alýarlar. Şol waka ABŞ bilen Eýranyň arasynda 444 gün dowam eden zamun alma dartgynlygyna sebäp bolýar.

2008-nji ýylyň 4-nji noýabry… ABŞ-da ilkinji gezek garaýagyz raýatlardan biri prezidentlige saýlanýar. Demokrat partiýanyň dalaşgäri Barak Useýn Obama prezident saýlawynda üstün çykýar we ABŞ-nyn 44-nji prezidenti bolýar.


Etiketkalar: #garaýagyz , #ABŞ , #ynkylap , #Eýran

Degişli Habarlar