Taryhda 27-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1516310
Taryhda 27-nji oktýabr

1922-nji ýylyň 27-nji oktýabry… Italiýada Benito Mussolininiň liderlik edýän faşit hakynatutma güýçler Napoliden Rime ýörişe başlaýar. 2 gün soň Rime gelen hakynatutma güýçler koalisiýa hökümetini agdaryp, hâkimiýeti ele geçirýär.

1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry… Türkmenistan Sowete Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan edýär we geçirilen saýlawda Saparmyrat Türkmenbaşy ilkinji döwlet ýolbaşçylygyna saýlanýar.

2005-nji ýylyň 27-nji oktýabry… Parižde Demirgazyk Afrikadan gelen iki musulman çagasynyň ölmegi sebäpli çaknyşyklar başlaýar. Ýurtda ýüze çykan wakalarda 300 bina we 10 müň awtoulag oda berilýär. 3 gün dowam eden çaknyşyklarda 130 adam ýaralanýar.

2017-nji ýylyň 27-nji oktýabry… Gonkongda öndürilýän we garrylara kömek etmek üçin dizaýn edilen “Sofiýa” atly robota Saud Arabystanynda raýatlyk berilýär. “Sofiýa” raýatlyk hukugyna eýe bolan ilkinji robot derejesini alýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar