Taryhda 17-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1510650
Taryhda 17-nji oktýabr

 

1448-nji ýylyň 17-njy oktýabry… Osman goşunlary 2-nji Kosowa söweşinde esasy bölegi wengerlerden ybarat bolan Haçparaz goşunlaryny ýeňýär. Şol ýeňiş Osman imperiýasynyň Balkan sebitindäki hâkimiýetini güýçlendirýär.

 

1777-nji ýylyň 17-njy oktýabry… Amerikan güýçleri iňlisleri Saratoga söweşinde derbi dagyn edýär. Şol ýeňişden soň Fransiýa, Ispaniýa we Gollandiýa Britaniýa garşy ABŞ-nyň ýanynda söweşe goşulýar.

1961-nji ýylyň 17-njy oktýabry… Ýurtlarynyň garaşsyzlygy üçin Parižde aksiýa geçiren aljirliler fransuz polisinin hüjümine sezewar bolýar. Taryha “Parž gyrgynçylygy” hökmünde geçen wakada 400 alžirli öldürilýär.

1973-nji ýylyň 17-njy oktýabry… Global nebit krizisi ýüze çykýar. OPEK käbir günbatar ýurtlara Siriýa bilen bolan söweşde Ysraýyla kömek edendigi sebäpli nebit embargosyny goýýar. 10 arap döwleti nebitiň nyrhyny 70 göterim ýokarlandyrýar we nebit önümçiligini her aý 5 göterim azaltmak hakynda karar kabul edýär.


Etiketkalar: #gyrgynçylyk , #nebit , #söweş

Degişli Habarlar