Taryhda 21-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1494346
Taryhda 21-nji sentýabr

1792-nji ýylyň 21-nji sentýabry…  Fransuz ynkylabyndan soň döredilen Kanun çykaryş Mejlisi müň ýyla golaý dowam eden şalyk režimini bes edip, Respublikany yglan edýär. Tagtdan agdarylan Şa Luis 16-njy 4 aý soň watana dönüklik etmişi sebäpli giotin bilen öldürilýär.

1858-nji ýylyň 21-nji sentýabry… Britaniýa Babur döwletiniň soňky İmperatory Bahadyr Şany tagtdan agdaryp, Hindistanda 330 ýyl dowam eden Babur Türk-mongol imperiýasyny syndyrýar.

1866-njy ýylyň 21-nji sentýabry… “Wagt Maşyny”, “Dünýäler Söweşi” ýaly eserleri bilen meşhur bolan Wells dünýä inýär.



Degişli Habarlar