Taryhda 22-nji awgust
Taryhyň Şu Güni
1642-nji ýylyň 22-nji awgusty… Britaniýada 9 ýyl dowam eden içerki uruş başlaýar. Şalygyň we parlamentar dolanşygyň tarapdarlarynyň arasynda başlan çaknyşyklar 1651-nji ýylyň 3-nji senýabrynda Workester söweşinde parlamentiň üstün çykmagy bilen gutarýar.
1812-nji ýylyň 22-nji awgusty… Iordaniýadaky Petra arheologik goraghanasy şweýsariýaly jahankeşde Ýohann Borkhard tarapyndan açylýar. B.e.ozalky 400-nji ýyl bilen biziň eýýamymyzyň 106-njy ýyllary aralygynda Nabatilere paýtagtlyk eden şäher Rim hüjüminden soň 400-nji ýyllarda ýer titremesi hem-de ykdysady sebäplerden ähmiýetini ýitirýär.
2000-nji ýylyň 22-nji awgusty… Azerbaýjanyň ozalky Prezidenti Ebulfeýz Elçibeý 62 ýaşynda dünýeden ötýär. Elçibeýiň jaýlanmagyna 1 milliona barabar adam gatnaşýar.