Taryhda 19-njy awgust
Taryhyň Şu Güni
11915-nji ýylyň 19-njy awgusty… Türk edebiýatynyň meşhur şahyrlaryndan Tewfik Fikret 48 ýaşynda Stambulyň Rumelihisary etrapçasynda dünýeden ötýär. 30 ýyl soň şol gün Aşiýandaky öý muzeý hökmünde açylýar.
1946-njy ýylyň 19-njy awgusty… Hytaýda Çan Kaý Şekiň liderligindäki milletçiler bilen Mao Zedongyň liderlik etmegindäki kommunistleriň arasynda içerki uruş başlaýar. 1949-njy ýyla çenli dowam eden içerki uruşda Pekini alan kommunistler üstün çykýar.
1953-nji ýylyň 19-njy awgusty… Eýranda saýlaw ilen häkimiýet başyna geçen Muhammed Musaddyk, ABŞ bilen Britaniýa tarapyndan goldanan şanyň tarapynda durýan ofiserleriň guran agdarlyşygy bilen häkimiýetden çetleşdirilýär.
1991-nji ýylyň 19-njy awgusty… Kommunizmiň tarapynda durýan generallar Sowet Soýuzynda agdarlyşyk synanşygyny guraýar. Prezident Mihail Gorbaçowyň wezipeden boşadylandygy habar berilýär. Emma Gorbaçow 2 gün soň wezipesine dolanandygyny yglan edýär.