Taryhda 3-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1465990
Taryhda 3-nji awgust

1492-nji ýylyň 3-nji awgusty… Kristafor Kolumb günbatara gidip, Hindistana barmak üçin İspaniýada 3 gämi bilen ýola düşýär. Kolumb 63 gün soň Amerika materigine barýar. Emma baran ýerini täze materik däl, eýsem Günbatar Hindi adalarydyr öýdýärdi.

1914-nji ýylyň 3-nji awgusty… Nemes imperiýasy Fransiýa uruş yglan edýär. Şol gün Britaniýa Osman imperiýasy üçin öndürilen Soltan Osman we Reşadiýe atly sowutly harby gämilerini öz hasabyna geçirendigini beýan edýär.

1988-nji ýylyň 3-nji awgusty… Sowet Soýuzy howa goranyş ulgamyndan geçip, “Jessna” kysymly uçar bilen Moskwanyň Gyzyl meýdanyna gonan nemes uçarmany Matias Rast 437 gün tussaglykda saklanandan soň boşadylýar.



Degişli Habarlar