Taryhda 2-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1465636
Taryhda 2-nji awgust

1865-nji ýylyň 2-nji awgusty… Lewis Karroll tarapyndan ýazylan we çagalar edebiýatynyň klassikalaryndan “Alis Ertekiler Dünýäsinde” atly kitaby çapdan çykýar.

1934-nji ýylyň 2-nji awgusty… Ýurtdaky ähli oppozisiýany çetleşdiren faşist Adolf Gitler “Fýurer” yglan edilýär. Germaniýada 2-nji Jahan urşuna sebäp bolan totolitar dolanşyk başlaýar.

1945-nji ýylyň 2-nji awgusty… 2-nji Jahan urşunyň ýeňijileriniň gatnaşmagyndaky Postdam maslahaty öz işini tamamlaýar. ABŞ-nyň Prezidenti Truman, Britaniýanyň Premýer minisatri Çerçill we Sowet Lideri Stalin germaniýanyň amerikan, iňlis, fransuz we sowet serkerdeleri tarapyndan dolandyryljak 4 sebite bölünmegi boýunça ylalaşýarlar.

1990-njy ýylyň 2-nji awgusty… Yragyň goşunlary Saddam Hüseýiniň buýrugy bilen Kuweýde hüjüm guraýar. ABŞ we ýaranlary Saddam Hüseýinden hüjümleri bes etmegini isleýär. Saddam Hüseýin islegi kabul etmänligi sebäpli 1-nji Aýlag urşy başlaýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar