Taryhda 31-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1464800
Taryhda 31-nji iýul

1492-nji ýylyň 31-nji iýuly… Ýehudileriň Ispaniýadan çykarylmagy hakyndaky “Al-hamra permany” güýje girýär. Perman bilen onlarça müň ýehudi Ispaniýadan kowulan bolsa, Osman imperiýasy harby gämiler bilen göçmän isleýän ýehudileri Stambula we İzmire getirýär.

1932-nji ýylyň 31-nji iýuly… Nasist partiýa parlament saýlawynda 230 kürsi eýeläp, Germaniýanyň birinji partiýasy bolýar. Emma mejlisde esasy köplügi eýeläp bilmeýär.

1980-nji ýylyň 31-nji iýuly… Türkiýäniň Gresiýadaky İlçihanasynyň dolanşyk attaşesi Galip Özmen we gyzy Aslyhan Özmen ermeni terror guramasy ASALA terrorçylarynyň ýaragly hüjümlerinde şehit bolýar.



Degişli Habarlar