Taryhda 15-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1455105
Taryhda 15-nji iýul

1099-njy ýylyň 15-nji iýuly… 1-nji Haçparaz saparynyň netijesinde İýerusalim şäheri Haçparaz goşunlary tarapyndan basylyp alynýar. İýerusalimde deňi taýy görülmedik gyrgynçylyga girişen haçparazlar, musulmanlardan we ýehudilerden müňlerçesini öldürýär.

1974-nji ýylyň 15-nji iýuly… Kiprde grek ofiserleriniň gözegçiligindäki Milli goragçylar hökümet agdarlyşygyny edip, Prezident Makariosy iş başyndan çetleşidirýärler we ýerine EOKA-nyň lideri Nikos Sampsyny getirýärler. Türkiýe agdarlyşyga berk reaksiýa bildirýär we hemaýatkärlik hukuklaryndan peýdalanmak üçin taýarlyklara başlaýar.

1983-nji ýylyň 15-nji iýuly… Parižiň Orli howa menzilinde ýerleşýän Türk howaýollarynyň ofisine ermeni terror guramasy ASALA-nyň agzalary tarapyndan bolbaly hüjüm guralýar. Partlan bomba sebäpli iki sanysy türk,4 sanysy fransuýz jemi 8 adam ýogalýar, 55 adam ýaralanýar.

2016-njy ýylyň 15-nji iýuly… Türkiýe Respublikasynyň döwlet edaralaryna siňen FETO terror guramasynyň agzalary agdarlyşyk synanşygyny edýärler. TRT-niň Ankaradaky binalary basylyp alynýar we özüni “Ýurtda Parahatçylyk Geňeşi” atlandyran FETÖ terror guramasynyň agzalarynyň taýarlan jarnamasy ýarag zory bilen okadylýar. FETÖ terrorçylary Türkiýäniň Mejlisini, Ankaranyň İçeri işler müdirligini we Ýörite polis güýçleriniň edarasyny bombalan bolsa, 251 adam agdarlyşygyň öňüni almak üçin şehit bolýar. Prezident Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda köçelere çykan millionlarça raýat agdarlyşyga ýol bermeýär. Agdarlyşyk synanşyga gatnaşan ýüzlerçe FETÖ terrorçysy tussag edilýär.



Degişli Habarlar