Taryhda 14-nji iýul…

Taryhyň Şu Güni

1454598
Taryhda 14-nji iýul…

1789-njy ýylyň 14-nji iýuly… Fransiýada halk şalyga garşy aýaga galýar we Parijdäki Bastill tussaghanasyna hüjüm gurap, tussaglary boşadýar. Fransuz ynkylabynyň başlan güni bolan 14-nji iýul hüjümi Fransiýada “Bastill güni” ady bilen milli baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär.

1942-nji ýylyň 14-nji iýuly… Ady Atatürk tarapyndan goýulan we Stambulyň Taşkyzak gämi gurluşyk werfinde gurlan “Atylaý” deňiz asty gämisi Çanakgalada çümüş täliminde batýar. 1-nji Jahan urşundan galan mina kakandygy anyklanan deňiz asty gämisinde 39 türk deňizçisi şehit bolýar.

1959-njy ýylyň 14-nji iýuly… Yragyň Kerkuk şäherinde kürt toparlar ýaragsyz türkmenlere hüjüm edýärler. 3 günüň dowamynda dowam eden gyrgynçylykda Yragyň howpsyzlyk güýçleri hüjümlere synçy bolup galan bolsa, 30 türkmen öldürilýär, ýüzlerçesi ýaralanýar. Türkiýäniň basyşlary netijesinde Yragyň hökümeti gyrgynçylyga girişen 260 adamy tussag edýar, şolardan 28 sanysy ölüm jezasyna höküm edilýär.

1983-nji ýylyň 14-nji iýuly… Türkiýäniň Brýusseldäki İlçihanasynyň dolanşyk attaşesi Dursun Aksoý ermeni terrorçylarynyň ýaragly hüjümleri netijesinde şehit bolýar. Jenaýaty ASALA bilen bilelikde 3 ermeni terror guramasy boýun alýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar