Taryhda 11-njy iýul

Taryhyň Şu Güni

1452960
Taryhda 11-njy iýul

1947-nji ýylyň 11-njy iýuly…  “Truman Doktrinasyna” laýyklykda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ilkinji harby kömek şertnamasyna gol çekişilýär. Marşall maksatnamasyna laýyklykda başladylan Amerikan kömekleriniň peýdalanylmagynyň öňündäki bökdençlikler bolsa Türkiýäniň Kipre guran harby operasiýasynyň öňüni alan “Jonsonyň Haty” bilen ýüze çykýar.

1974-nji ýylyň 11-njy iýuly… Hytaýyň ozalky paýtagty Şianda 2 müň ýyllyk hakyky göwrümde we harby üpjünjinçilikli 6 müň adamlyk “Palçyk esgerler” tapylýar. “Terrakotta goşuny” atlandyrylan “Palçyk esgerleriň” esasy özbolyşlygy bolsa biri-birinden tapawutly bolmagy.

1995-nji ýylyň 11-njy iýuly… Ratko Mladiçiň serkerdelik edýan serp goşunlary BMG tarapyndan howpsyz zolak yglan edilen Bosniýa Gersegowiýanyň Srebrenisa sebitinde gyrgynçylyk edýär. Ýaragsyz 8 müňe golaý musulman boşnýak erkekleri gyrylandan soň köpçülikleýin mazarlara gömülýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar