Taryhda 14-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1435595
Taryhda 14-nji iýun

 

1940-njy ýylyň 14-nji iýuny… 2-nji Jahan urşynda Fransiýa ýeňilýär we nemes goşunlary Pariji alýar.

1952-nji ýylyň 14-nji iýuny… Dünýäniň ilkinji atom deňiz asty gämisi “USS Nautilusyň” gurluşygna başlanýar. 3 ýyl soň ulanma berilen gämi Demirgazyk polýusyny deňiziň aşagyndan geçip, taryhy üstünlige eýe bolýar. Deňiz asty gämisi 1980-nji ýyla çenli Amerikan flotunyň inwentarynda galýar.

1964-nji ýylyň 14-nji iýuny… Günorta Afrika respublikasyny agdarmak üçin gizlin maksatnama düzendigi sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilen Nelson Mandela ömür boýy azatlykdan mahrum edilýär. 27 ýyllap Robben adasynda tussaglykda bolan Mandela rasizme garşy göreşiň simwolyna öwrülýär. 1990-njy ýylda boşadylan mahaly 71 ýaşyndady.

2001-nji ýylyň 14-nji iýuny… 1996-njy ýylda Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzstan we Täjigistan tarapyndan döredilen “Şanhaý Bäşligi” Özbegistanyň goşulmagy bilen “Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna” öwrülýär.



Degişli Habarlar