Tarýhda 9-njy iýun

Taryhyň Şu Güni

1431902
Tarýhda 9-njy iýun

1617-nji ýylyň 9-njy iýuny… Patyşa Ahmet 1-njiniň buýrugy bilen gurulmaga başlanan we gurluşygy 7 ýyl dowam eden Soltanahmet metjidi ulanmaga berilýär.

1870-nji ýylyň 9-njy iýuny… “Oliwer Twist” we “Beýik Umytlar” romanlary bilen tanalýan, Senagat ynkylaby we kapitalizm sebäpli ýüze çykan jemgyýetçilik deňsizlik, ýoksullyk we açlyk hakyndaky eserleri bilen ünsleri özünde jemlän iňlis ýazyjysy Çarles Dikkens 58 ýaşynda dünýeden ötýär.

1964-nji ýylyň 9-njy iýuny… ABŞ-nyň Prezidenti Jonjon Türkiýäniň Kipre guran harby operasiýasynda NATO-dan alan ýaraglardan peýdalanmaly däkdigi baradaky hatyna Premýer ministr İsmet İnöni resmi taýdan jogap berýär. Jogap hatynda türkiýäniň Kipre harby operasiýa guramak hakyndaky kararyny bes edendigini beýan edilýäer. Soň Amerikan žurallaryndan birine interwýu beren İnöni: “Täze şertlerde bir dünýä gurlar, Türkiýe hem şol dünýäde öz mynasyp ornuny eýelär” diýmek bilen, Kipr türkleriniň hukuklarynda egilşik edilmejekdigini nygtaýar.

1977-nji ýylyň 9-njy iýuny… Türkiýäniň Watikandaky İlçisi Taha Jarym ermeni terrorçylary tarapyndan Rimde şehit edilýär. 4 ýyl soň şol gün bolsa Türkiýäniň Ženewadaky Başkonsullygynyň işgäri Mehmet Sawaş Ýergüz terror guramasy ASALA tarapyndan şehit edilýär.



Degişli Habarlar