Taryhda 4-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1429342
Taryhda 4-nji iýun

1879-nji ýylyň 4-nji iýuny… Osman imperiýasy bilen Britaniýanyň arasynda gol çekişilen “Kipr Ylalaşygy” bilen adanyň dolanşygy wagtlaýynça Britaniýa berilýär. 1-nji Jahan urşunda Osman döwletiniň Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmegi sebäpli Britaniýa Kipri özüne birikdirýär we ada 1960-njy ýyla çenli iňlis häkimiýetine tabynlykda bolýar.

1989-njy ýylyň 4-nji iýuny… Hytaýda talyplar tarapyndan başladylan “Tienanmen pitnesi” esgerler tarapyndan basylyp ýatyrylýar. Hytaýyň goşuny demonstrantlara od açýar we ýüzlerçe talyp ölýär, 7 müňden gowragy ýaralanýar.

2012-nji ýylyň 4-nji iýuny… Mýanmanyň Arakan sebitinde 10 musulman budist toparyň pyçakly hüjümi sebäpli aradan çykýar. Dartgynlyk gysga möhletde möwjeýär we ýurtdaky harby hunta dolanşygy budist toparlaryň Arakan musulmanlaryna guran hüjümine göz ýumýar.



Degişli Habarlar