Taryhda 3-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1428596
Taryhda 3-nji iýun

1942-nji ýylyň 3-nji iýuny… 2-nji Jahan urşunda ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söweşiň ykbalyny kesgitlän Midweý deňiz söweşi başlaýar. 4 gün dowam eden söweşiň netijesinde ýapon goşunlary 4 uçar gämisini we 332 uçaryny ýitirýär.

1963-nji ýylyň 3-nji iýuny… Türkiýäniň ýetişdiren beýik şahyrlaryndan biri bolan Nazym Hikmet Ran Moskwada sürgünlikde mahaly 61 ýaşynda dünýeden ötýär.

1989-njy ýylyň 3-nji iýuny… Eýrandaky şalyk dolanşygyny bes eden dini lider Aýatulla Humeýni 87 ýaşynda dünýeden ötýär.

2016-njy ýylyň 3-nji iýuny… Boksuň unudulmaz ýyldyzy Muhammet Ali 74 ýaşynda dünýeden ötýär. Profession boks bäsleşiklerinden diňe bäş sanysynda ýeňilen Muhammet Ali ýaşap geçen iň ussat boksçy hasap edilýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar