Taryhda 29-njy maý

Taryhyň Şu Güni

1425967
Taryhda 29-njy maý

1778-nji ýylyň 29-njy maýy… “Woltair” ady bilen tanalýan fransuz ýazyjysy we filosof Jan François Mari Arut 84 ýaşynda dünýeden ötýär.

1942-nji ýylyň 29-njy maýy… Hyzmatdaş ýurtlaryň harby howa güýçleri 2-nji Jahan urşunyň iň esasy howa hüjümlerinden birini Germaniýanyň Keln şäherine guraýar. 1000-e golaý harby uçarynyň gatnaşan hüjüminde Keln şäheri ýer bilen ýegsan bolýar.

1968-nji ýylyň 29-njy maýy… Talyplar tarapyndan başladylan we işçiler tarapyndan goldanmagy sebäpli ýurduň çar tarapyna tutaşan 68-nji ýyldaky wakalara garşy Fransiýanyň Prezidenti De Goll Mejlisi ýatyrýar we möhletinden irki saýlawlaryň geçiriljekdigini beýan edýär. Beýannamadan soň De Gollyň tarapdarlary hem köçelere çykýarlar we wakalaryň gerek bolan halatynda basylyp ýatyrylmagyny islediler.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar