Taryhda 27-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1425299
Taryhda 27-nji maý

1453-nji ýylyň 27-nji maýy…Fatih Soltan Mehmediň ýolbaşçylyk edýän Osman goşunlary Wizantiýa imperiýasynyň paýtagty Stambuly zabt edýär. Stambulyň zabt edilmegi bilen Orta asyr ýapylýar, Gündogar Rim imperiýasy synýar.

1953-nji ýylyň 27-nji maýy… Täze zelandiýaly alpinist Admund Hillari we nepalli kömekçisi Tansing Torgaý Jomalangumanyň 8850 metr belentlikdäki depesine çykan ilkinji adamlar bolýarlar.

1985-nji ýylyň 27-nji maýy… Liwerpul bilen Ýuwentusyň arasynda Belgiýanyň Heýsel Stadionynda oýnalan Ýewropa Çempionadynyň kubogynyň final bäsleşiginde iňlis başbozarlary italian janköýerlere hüjüm edýärler. Tribunalardan biriniň çökmegi sebäpli esasy bölegi italian 41 adam ýogalýar.

1993-nji ýylyň 27-nji maýy… Germaniýanyň Solingen şäherinde ýaşaýan türk maşgalalaryndan biriniň öýi neonasistler tarapyndan ýakylýar. Taryha “Solingen Pajygasy” hökmünde geçen ýangynda 5 türk pida bolýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar