Taryhda 25-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1423190
Taryhda 25-nji maý

1963-nji ýylyň 25-nji maýy… Efiopiýanyň imperatory Haile Salassiniň başlangyjy bilen garaşsyzlygyny alan Afrika ýurtlary ilkinji bileleşigini döredýär. Afrika Bileleşigi Guramasynyň döredilmegine 30 Afrika ýurdy gatnaşýar. 2002-nji ýylda Afrika Bileleşigi adyny alan we merkezi Addis Ababada ýerleşýän gurama häzirki wagtda materikde ýerleşýän ýurtlary özünde birleşdirýär.

1977-nji ýylyň 25-nji maýy…Ylmy-amaly kino sungadynyň naýbaşylaryndan biri bolan “Ýyldyz Söweşleri” tapgyrynyň ilkinji filmi “Täze bir umyt” kino muşdaklaryna görkezilýär. Film 7 Oskar baýragyna laýyk görüldi.

1983-nji ýylyň 25-nji maýy… Türk edebiýatynyň esasy wekillerinden biri bolan şahyr Nejip Fazyl Kysakürek 79 ýaşynda Stambulda dünýeden ötýär.

 



Degişli Habarlar