Taryhda 23-nji maý

Tarýhýň Şu Güni

1422122
Taryhda 23-nji maý

1040-njy ýylyň 23-nji maýy… Beýik Seljuk döwletiniň gurlandygyny yglan eden Dandenakan söweşi Seljuk goşunlary bilen Gazna goşunlarynyň arasynda bolýar. 3 gün dowam eden söweşiň netijesinde Gaznawylar döwleti synmaga başlaýar.

1919-njy ýylyň 23-nji maýy… İzmiriň grek goşunlary tarapyndan basylyp alynmagy Stambulda “Soltanahmet Mitingi” bilen protest edilýär. Müňlerçe adamyň gatnaşan mitinginde ýazyjy Halide Edip Adywar eden çykyşy bilen ünsleri özünde jemleýär.

2015-nji ýylyň 23-nji maýy… Ykdysady pudakda “Oýun teoriýasy” bilen çygyr açan amerikaly matematik Jon Forbes Naş 87 ýaşynda aradan çykýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar