Taryhda 14-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1416819
Taryhda 14-nji maý

1948-nji ýylyň 14-nji maýy… Palestindäki iňlis dolanşygynyň bes edilmeginden soň Ysraýyl döwletiniň gurulandygy yglan edilýär. 5 arap döwleti bolsa Ysraýyla uruş yglan edýär. Birinji Arap-Ysraýyl urşunyň netijesinde Ysraýylyň ýany bilen İordaniýa we Müsür hem territoriaýasyny giňeldýär. Sebitiň eýesi bolan palestinalylar bolsa bosgun boldy.

1950-nji ýylyň 14-nji maýy… Türkiýede ilkinji köp partiýaly saýlaw geçirilýär. Saýlawyň netijesinde Demokrat partiýa sesleriň esasy bölegini alýar we parlamentde 416 halk deputaty bilen wekilçilik edilmäge hukuk gazanýar. Türkiýäni uzak ýyllaryň dowamynda bir partiýaly hökümet bilen dolandyran Respublikan halk partiýasy 69 halk deputatyna eýe boldy.

1955-nji ýylyň 14-nji maýy… NATO garşy Sowet Soýuzy bilen Gündogar Ýewropadaky 7 sosialist ýurdy özünde jemleýän Warşawa Pakty Polşanyň patagtyndaky gol goýulan ylalaşyk bilen döredilýär. Pakt 1991-nji ýylda dargaýar.

1998-nji ýylyň 14-nji maýy… Meşhur aýdymçy we aktýor Frank Sinatra 83 ýaşynda dünýeden ötýär.

2018-nji ýylyň 14-nji maýy… ABŞ Ysraýyldaky İlçihanasyny Tel-Awiwden İýerusalime göçürýär. Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri ABŞ-nyň kararyny protest eden palestinalylara od açýar. 60-dan gowrak palestinalynyň aradan çykan wakasynda 3 müň palestinaly ýaralanýar.

 


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar