Taryhda 1-nji maý

Taryhyň şu güni

1408776
Taryhda 1-nji maý

 

 

1886-njy ýylyň 1-nji maýy… Zähmetkeşler ABŞ-nyň ençeme şäherinde günde 8 sagat işleme düzgünine geçilmegi üçin iş taşlaýyş edýär. Polis bilen zähmetkeşleriň arasynda bolan çaknyşyklarda köp sanly adam ýogalýar. Luiswill şäherinde 4-nji maýda Haýmarket meýdanynda geçirilen mitingde bomba ýarylýar, 7 polis ölýär, 69 polis ýaralanýar. Soňky aýlarda gozgalan jenaýat işinde zähmetkeşleriň liderlerinden 4 adama ölüm jezasy berilýär. 3 ýyl soň “1-nji maý” bütin dünýäde “Jebislik, Göreş we Arkalaşyk Güni” diýip yglan edilýär.

1960-njy ýylyň 1-nji maýy… Amerikan içaly uçary U-2 Sowet Soýuzynyň çäklerinde uçýarka urlup düşürilýär we uçarmany Gari Powers ele salynýar. Waka ABŞ bilen Sowet Soýuzynyň arasynda uly dartgynlyk emele getirýär.

 

1964-nji ýylyň 1-nji maýy…  Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy döredilýär.

 

2010-nji ýylyň 1-nji maýy…  32 ýyl soň 1-nji maýyň Taksim meýdanynda “Zähmetkeşler we Raýdaşlyk Güni” hökmünde bellenilip geçilmegine rugsat berilýär.



Degişli Habarlar