Taryhda 28-nji aprel

Taryhyň Şu Güni

1406377
Taryhda 28-nji aprel

1945-nji 28-nji apreli… Italiýanyň faşist lideri Benito Mussolini italian protestçileri tarapyndan atylyp öldürilýär. Mussolininiň jesedi Milan şäherinde başy aşak asylyp, halka görkezilýär. 1 gün soň İtaliýa döwletine we hyzmatdaş güýçlere garşy İtaliýada söweşen nemes goşunlary boýun egýär. Şeýlelikde 2-nji Jahan urşunda İtaliýa fronty ýapylýar.

1988-nji 28-nji apreli… Köp sanly türk diplomatynyň janyna kast etmekden jogapkär we Agop Agopýan ady bilen tanalan ermeni terror guramasy ASALA-nyň lideri Harutýun Tokaşýan Afynyda iki adam tarapyndan öldürilýär.

2001-nji 28-nji apreli… Amerikaly millioner Dennis Tito älem giňişliginiň ilkinji syýahatçysy hökmünde 8 günüň dowamynda dünýä orbitasynda bolýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar