Taryhda 26-njy aprel

Taryhyň şu güni

1405251
Taryhda 26-njy aprel

1966-njy ýylyň 26-njy apreli: Özbegistanyň paýtagty Daşkentde 8 bal ululygynda ýer titremesi bolýar. Ýer titremesinde 36 müňden gowrak bina ýykylýar, 300 müň adam öýsüz galýar

 

1986-njy ýylyň 26-njy apreli: Dünýäniň taryhynda iň uly ýadro heläkçiligi Ukrainadaky Çernobyl ýado bekedinde bolýar. Ýadro bekedinde bolan partlamadan soň ýaýran radiasiýa bulutlary Iskandinaw ýurtlary, Gündogar Ýewropa we Garadeňiziň kenarynda ýerleşýän ýurtlara bilen birlikde Türkiýäniň Frakiýa we Garadeňiz welaýatlaryna täsirini ýetirýär. Heläkçilikde 81 adam ýogalýar, 135 müň adam hem başga ýere göçürilýär.

 

1994-nji ýylyň 26-njy apreli: Günorta Afrikada 22 million saýlawçynyň gatnaşmagynda geçirlen saýlawda üstünlik gazanan Nelson Mandela ýurduň ilkinji garaýagyz prezidenti bolýar.

 

1996-njy ýylyň 26-njy apreli: Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň arasynda gurulýar.



Degişli Habarlar