Taryhda 25-nji aprel

Taryhyň Şu Güni

1405014
Taryhda 25-nji aprel

1915-nji ýylyň 25-nji apreli… 1-nji Jahan urşunda Dardanel bogazyny deňizden geçip bilmedik hyzmatdaş güýçler guryýer hüjümlerine başlaýar. İňlis we fransuz esgerleri Gallipoli ýarym adasynyň 5 nokadyna hüjüm guraýar, emma türk goşunlarynyň goranyşy bilen yza serpikdirilýär. Birnäçe aý dowam eden söweşden soň hyzmatdaş güýçler dekabr aýynda ýarym adadan yza çekilmäge mejbur bolýar we waka taryha “Çanakgala ýeňişi” hökmünde geçýär.

1974-nji ýylyň 25-nji apreli… Portugaliýada general Antoniu Spinolanyň öňbaşçylygynda başlan harby pitne bilen “Gwozdika ynkylaby” guralýar we 1933-nji ýyldan bäri ýurtda dywan edeb Salazar diktatorlygy ýykylýar. İki ýyl soň geçirilen saýlaw bilen ýurtda demokratik dolanşyk ýola goýulýar. Portugaliýa Afrikadaky we GündogarAziýadaky koloniýalaryndan hem çekilýär.

1990-njy ýylyň 25-nji apreli… Hubbl kosmos teleskoby Diskoweri hemrasyndaky kosmonawtlar tarapyndan dünýä orbitasyna ornaşdyrylýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar