Taryhda 19-njy aprel

Taryhyň Şu Güni

1400970
Taryhda 19-njy aprel

1882-nji 19-njy apreli… “Tebigy selleksiýa we Ewolýusiýa” teoriýasy bilen tanalýan iňlis biology we tebigat taryhçysy Çarles Darwin 73 ýaşynda dünýeden ötýär.

1943-nji 19-njy apreli… Warşawanyň tussaghanalarynda saklanýan müňlerçe ýehudi faşistik dolanşyga garşy aýaga galýar. Konslagerlere ugradylmaklarynyň öňüni almak üçin başlan aýaga galyş, 1 aýa golaý dowam edýär. Nasistler müňlerçe ýehudini öldürip, pitnäni basyp ýatyrýar.

1971-nji 19-njy apreli… Dünýänyň daşyndaky ilkinji hemişelik beket bolan Salýut-1 Sowet Soýuzyndan älem giňişligine uçurylýar.

1995-nji 19-njy apreli… ABŞ-nyň Oklohoma şäherindäki döwlet binasyna guralan terror hüjüminde 168 adam ýogalýar, 800-e golaý adam ýaralanýar. Hüjümiň ozalky harby gullukçylardan biriniň gurandygy anyklanýar.



Degişli Habarlar