Taryhda 21-nji mart

Taryhyň Şu Güni …

1382330
Taryhda  21-nji mart

 

1788-nji ýylyň 21-nji marty… Amerikanyň Luiziana ştatynyň Nýu-Orlans şäheri dolulygyna ýanýar. Sebäbi bilinmeýän ýangynda şäherdäki 1100 binadan 200 sanysy ýykylman galýar.

 

1960-njy ýylyň 21-nji marty… Günorta Afrikanyň Şarpewille şäherinde polis ýaragsyz garaýagyz demonstrantlara od açýar, 69 adam ýogalýar, 180 adam ýaralanýar. BMG-niň Baş Assambleýasy kabul eden karary bilen 21-nji marty “Rasist ekstremizmine garşy göreş güni” diýip, yglan edýär.

 

1973-nji ýylyň 21-nji marty… Türkiýedäki halk şahyrlaryndan Aşyk Weýsel Şatyrogly 79 ýaşynda dünýeden ötýär.

 

1980-nji ýylyň 21-nji marty… Sowet Soýuzynyň Owganystany basyp almagy sebäpli Prezident Jimmi Karter ABŞ-nyň Olimpia komandasynyň Moskwadaky Ýazky olimpiadany boýkot etjekdigini beýan edýär.



Degişli Habarlar