Taryhda 6-njy mart

Taryhyň Şu Güni

1373043
Taryhda 6-njy mart

1920-nji ýylyň 6-njy marty… “Diýeta” we “Kary” ýaly türk edebiýatyna ençeme eserler goşan Ömer Seýfettin 36 ýaşynda Stambulda dünýeden ötýär.

1955-nji ýylyň 6-njy marty… Azerbaýjan Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Mehmet Emin Resulzade 74 ýaşynda Ankarada dünýeden ötýär. Musawat partiýasy bilen Azerbaýjan syýasatynda möhüm orun tutýan Resulzade “Oktýabr ynkylabyndan” soň garaşsyzlygyny yglan eden Azerbaýjanyň Milli şurasynyň başlygy bolýar. 2 ýyl soň gyzyl goşunyň Azerbaýjany basyp almagyndan soň tussag edilen Resulzade 1922-nji ýylda ýurdundan sürgün edilýär.

1987-nji ýylyň 6-njy marty…  “Herald of Free Enterprise” atly ýolagçy gämisi Belgiýadan Britaniýa gitmek üçin ugrandan birnäçe minut soň batýar. Wakada 193 ýylagçy we gäminiň ekipažy aradan çykýar.  


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar