Taryhda 27-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1367147
Taryhda 27-nji fewral

1914-nji ýylyň 27-nji fewraly: Türk goşunynyň ilkinji uçarmanlaryndan kapitan Fethi bilen ýokary leýtenant Sadyk,(Muaweneti Milliýe) atly uçarlary bilen Damaskdan İýerusalime tarap barýarka, Teberiýe etrabynyň golaýynda şehit bolýar. Fethi we Sadyk begler, Türk awiasiýa taryhynyň ilkinji şehitleridir.

 

1933-nji ýylyň 27-nji fewraly: Germaniýada Adolf Gitleriň premýer ministrlige bellenmeginden gysga wagt soň, Nemes parlamentiniň binasy ýakylýar. Gitler ýangyna kommunistleriň sebäp bolandygyny öňe sürüp, Prezident Hinderburga adam hukuklaryny we azatlyklaryny ortadan aýyrýan kararnama gol çekdirýär. Karardan soň Faşist partiýasyndan daşary ähli partiýalaryň işleri bes edilýär. Kommunist partiýanyň 181 halk deputaty bilen birlikde partiýanyň ýolbaşçylary tussag edilýär.

 

2010-njy ýylyň 27-nji fewraly: Çilide 8,8 bal ululygynda ýer titremesi bolýar. 90 sekunt dowam eden ýer titremesinde müň adam ýogalýar, 2 müň adam hem ýaralanýar. Ýer titremesi sebäpli 500 müň öý ýykylýar.

 

2014-nji ýylyň 27-nji fewraly: Global ýylylyk we klimat çalşygy sebäpli nesli howp astynda bolan  Ak aýylara ünsi çekmek üçin her ýylyň 27-nji fewraly “Ak aýylar güni” hökmünde bellenilip geçilýär. Çaklamalara görä, dünýäde jemi 20-25 müň Ak aýy bar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar