Taryhda 24-nji fewral

Taryhyň şu güni

1364840
Taryhda 24-nji fewral

1525-nji ýylyň 24-nji fewraly: Fransuz we Ispan imperatorlyklarynyň arasynda “Pawia” söweşi bolýar. Söweşde ýeňilen Fransuz Şasy Fransua I, Keramatly Rim German imperatory Şarlkene ýesir düşýär. Oglunyň ýesir alynandygyny öwrenen Şa aýal Louis, Kanuny Soltan Süleýmana hat ýazyp kömek soraýar.

Kanunynyň bu talaby kabul edendigi sebäpli Osman goşuny bilen Şarlkeniň güýçleriniň arasynda 1526-njy ýylyň 29-nj awgustynda Mohaç söweşi başlaýar.

Mohaç söweşinde Osman goşuny ýeňiş gazanýar we baglaşylan parahatçylyk şertnamasyna laýyklykda Fransuz Şasy Fransua boşadylýar.

 

 

1942-nji ýylyň 24-nji fewraly: Faşistlerden gaçan Ruminiýaly ýehudileri alyp barýan “Struma” gämisi Garadeňizde batyrylýar. 1960-njy ýyllarda Sowet arhiwlerinden çykan resminalar, gäminiň Sowet deňizastysy tarapyndan batrylandygyny görkezýär.

Wakada gämidäki 103-i çaga 768 adam pida bolýar.

 

1954-nji ýylyň 24-nwi fewraly.

Dunaý derýasyndan Garadeňize, ol ýerden hem Bosfor bogazyna çenli gelen buz gatlaklary deniz gatnawynyň durmagyna sebäp bolýar.

 

 

 

1955-nji ýylyň 24-nji fewraly: Türkiýe bilen Yragyň arasynda iki taraply hyzmatdaşlyk (JENTO)  şertnamasy baglaşylýar.

Wagtyň geçmegi bilen Britaniýa, Eýran we Pakistan hem şertnama degişli bolýar.

 

 

1991-nji ýylyň 24-nji fewraly: ABŞ I aýlag söweşiniň gury ýer hüjümlerini başladýar. Ýary gije amerkaly esger Saud Arabystanynyň üsti bilen Yraga girýär.


Etiketkalar: #ýesir , #Pakistan , #Eýran

Degişli Habarlar