Taryhda 3-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1351951
Taryhda 3-nji fewral

1451-nji ýylyň 3-nji fewraly… Dünýä taryhyna “Asyr açyp, asyr ýapan türk” hökmünde geçen Osman imperiýasynyň 7-nji Patyşasy Fatih Soltan Mehmet kakasy Murat 2-njiniň aradan çymmagyndan soň 2-nji gezek Osman tagtyna çykýar.

1969-njy ýylyň 3-nji fewraly… Ýaser Arafat Palestinanyň Milli Geňeşi tarapyndan Palestinany Azat ediş guramasynyň başlyklygyna bellenýär. Arafat Ysraýyl bilen ähli ýaraşyk başlangyçlaryny ret edýär.

 

2004-nji ýylyň 3-nji fewraly… Azerbaýjanyň nebitini Türkiýä we dünýä bazarlaryna akdyrýan Baku-Tibilisi-Jeýhan turba  geçirisiniň soňky şertnamasyna Bakuwda gol goýulýar.

 

2006-njy ýylyň 3-nji fewraly… Saur Arabystanyndan Müsüre barýan ýolagçy gämisi Müsüriň Hurgada portuna 40 mil galanda Gyzyl deňizde batýar. Gämidäki 400-e golaý ýolagçydan we ekipaždan 388 sanysy halas edilýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar