Taryhyň Şu Güni

Taryhyň Şu Güni

1347949
Taryhyň Şu Güni

1937-nji ýylyň 27-nji ýanwary… 1-nji Jahan urşunda elden gidirilen we Siriýada awtanom hukuk derejesini alan Hataý welaýatyna Milletler jemgyýeti tarapyndan garaşsyzlyk berilýär. 1936-njy ýylda Siriýanyň garaşsyzlygyny ykrar eden Fransiýa garşy diplomatik basyşyny güýçlendiren Türkiýe, Hataýa hem garaşsyzlyk berilmegini isleýär. Türkiýäniň harby güýç ulanma ähtimallygyny güýçlenmegi sebäpli maslahat geçiren Milletler jemgyýeti Hataýyň garaşsyzlygyny ykrar edýär, Fransiýanyň islegine laýyklykda geçirilen saýlawda Türkiýe bilen birlşmegiň tarapynda durýan partiýalar üstün çykýar. 1938-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda döredilen Garaşsyz Hataý Respunlikasy 1939-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkiýä birikmek hakynda karar kabul edýär. Şol karar bilen Türkiýäniň günorta serhetleri hem kesgitlenýär.

1958-nji ýylyň 27-nji ýanwary… Kiprde müňlerçe türk adanyň türkler bilen grekleriň arasynda ikä bölünleri üçin domonstrasiýa geçirýär. İňlis esgerleri demonstrantlara garşy güýç ulanýar. Wakada 8 türk ýogalýar, onlarçasy ýaralanýar.

1967-nji ýylyň 27-nji ýanwary… NASA-nyň “Aý maksatnamasynyň” birinji bölegini emele getirýän “Apollo-1” emeli hemrasy Kennedi adyndaky kosmos merkezindäki synagda ýanýar. Kosmonawtlar Gus Grissom, Edward Higgins Waýt we Roger Çafri aradan çykýar.

 

1973-nji ýylyň 27-nji ýanwary… Türkiýäniň Los Anželesdäki Baş konsuly Mehmet Baýdar we Konsul Bahadyr Demir janlary kast edilip, öldürilýärler. Terror guramasy ASALA tarapyndan guralan hüjümiň jenaýatkäri Amerikan ermenisi Gurgen Ýanykýan gysga möhletde ele salynyp, ömür boýy azatlykdan mahrum edilýär.



Degişli Habarlar