Taryhda 14-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1340359
Taryhda 14-nji ýanwar

 

1938-nji ýylyň 14-nji ýanwary: Türkiýäniň, Eýranyň, Yragyň we Owganystanyň arasynda 1937-nji ýylyň 8-nji iýulynda baglaşylan Sadabat pakty, TBMM-de tassyklanýar. Sadabat Pakty şertnama gol goýan beýleki döwletleriň mejlislerinde tassyklanmagyndan soň 1938-nji ýylyň 25-nji iýulynda güýje girýär.

 

 

1943-nji ýylyň 14-nji ýanwary: II jahan urşunda Hyzmatdaş güýçler Kazablanka konferensiýasynyň çäginde bir ýere jemlenişýär. Franklin Roosewelt, Winston Çörçil we Çarles de Gaulle Sisiliýa hüjüm guramak barada ylalaşyk gazanar. Hyzmataşlar Türkiýäniň hem söweşe goşulmagy üçin diplomatiýa taýdan basyş edilmegi barada karar kabul edýär.

 

 

2011-nji ýylyň 14-nji ýanwary: Tunisde 1 adamyň özüni ýakmagy bilen başlan aýaga galyşlyk sebäpli Prezident Zeýnel Abidin Bin Ali, ýurdundan gaçyp Saud Arabystanyna gidýär. Tunisde başlan halk aýaga galyşlygy “Arap Bahary” hökmünde atlandyrlan etabyň hem başlangyjy hökmünde kabul edilýär. Ýurdunda gaýybana kazyýet işine çekilen we ömür boýy azatlykdan mahrum bilen Zeýnel Abidin Bin Ali 2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ýogalýar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar